Muzeý gaznasy baýlaşýar


Muzeý gaznasy baýlaşýar



2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp muzeýiň hünärmenleriniň halkyň arasyndan toplan milli we ruhy gymmatlyklarynyň sergisi we tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň çäklerinde iş saparlarynda bolup, ýygnan täze tapyndylaryny muzeýiň sergi eýwanynda sergiläp halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen muzeý gapylary giňden açyldy we bu dabara il sylagly ýaşulylardyr mährem eneler, Daşoguz şäheriniň dürli edara kärhanalaryndan myhmanlar, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabara muzeýiň giriş eýwanynda Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan ybarat sazandalar toparynyň milli nusgawy sazlarynyň ýerine ýetirilşi hem-de muzeýiň täze tapyndylarynyň sergisine gurnalan gyzykly ekskursiýa bilen başlandy.

Soňra dabara muzeýiň mejlisler eýwanynda il sylagly ýaşulylaryň hem-de mährem eneleriň, taryhçylaryň, muzeýiň ylmy işgärleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda çuň many-mazmuna bagyşlanan ylmy–amaly maslahat bilen dowam etdirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňüne tutulan wezipeler bilen birlikde halkyň taryhyny öwrenmek babatynda alnyp barylýan işleriň ýurdumuzda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellenildi. Toplanan gymmatlyklaryň her biriniň taryhy barada muzeýiň ylmy işgärleri maslahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler we olar barada ýörite taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi. Bu ylmy –maslahatyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize köp sag bolsunlaryny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag-ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan her bir tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmeklerini tüýs ýürekden arzuw etdiler.