„Magtymguly Pyragy: edep-terbiýeçilik tymsallary“ atly göçme sergi


„Magtymguly Pyragy: edep-terbiýeçilik tymsallary“ atly göçme sergi



Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary we goldawlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň milli we ruhy mirasyny ylmy esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar. Türkmen taryhynda öçmejek yz goýýan beýik alymlary, şahyrlary ýatlap, olara bagyşlanyp baýramçylyk günleri geçirilýär, eserleri dürli dillere terjime edilip, öwüt, ündew, nesihat hökmünde durmuşda ulanylýar. Türkmen halky terbiýe mekdebinde beýik akyldar şahyrlaryň setirlerine salgylanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyr setirleri türkmen milletiniň kalbyna atalar sözi, nakyl, pähim-paýhasly hikmetler hökmünde ornaşypdyr. Onuň sözleri milletimiziň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin dünýäniň dillerinde gürleýär. Magtymgulynyň nurana keşbi sungat eserleriniň üsti bilen wasp edilýär. Şol nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi gaznasynda saklanýan sungat eserlerinden Türkmen döwlet maliýe institutynda „Magtymguly Pyragy: edep-terbiýeçilik tymsallary“ atly göçme sergisini gurnady.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Bäşim Nuralynyň “Magtymguly şahyryň portreti”, Aýhan Hajyýewiň “Magtymgulynyň portreti”, ”Magtymguly zergärçilik ussahanasynda”, Çary Amangeldiýewiň “Ýaş Magtymguly atasy Azada öz goşgularyny okap berýär”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň “Magtymguly” atly nakgaş, Mommy Seýitmyradowyň „Azady we onuñ ogly Magtymguly“, Orazmyrat Gurbanowyň “Magtymguly” atlandyrylan heýkel eserleri hem-de birnäçe külal eserleri sergilendi. Bu serginiň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna türkmen milletiniň hormaty we sarpasydyr. Akyldaryň keşbiniň şekillendiriş sungatyň üsti bilen waspy ýetirilip dünýä ýüzüne ýaýramagyna suratkeşlerimiziň mynasyp goşandy bolar.