Göçme sergi gurnaldy


Göçme sergi gurnaldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny ylmy taýdan çuňňur öwrenip, olara ýaşlaryň ünsüni çekmekde, geljekki nesillerimize ýetirmekde, milli mirasymyza içgin aralaşýan muzeý işgärleri tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gadymdan gelýän taryhymyzy we däp-dessurlarymyzy, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzy asyl çeşmeleriň esasynda ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Bu günki günde türkmen halkynyň milli mirasyny ýaşlara wagyz etmek muzeý işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Munuň üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýurdymyzyň bilim ojaklarynda yzygiderli muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan ybarat bolan göçme sergiler gurnaýarlar.

2020-nji ýylyň mart aýynyň 16-syna «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan gymmatlyklardan düzülen sergi gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda şol mekdebiň mugallymy Aknabat Nuryýewa, Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa hem-de muzeýiň ylmy işgäri Öwez Rahmanow çykyş etdiler. Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli haly, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär. Sergi mart aýynyň 22-sine çenli dowam edýär.