TÜRKMEN TOPRAGY – DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN MEDENI GYMMATLYKLARYŇ OJAGY


TÜRKMEN TOPRAGY – DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN MEDENI GYMMATLYKLARYŇ OJAGY



Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi.

Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen,
Söwda-senagat edarasynyň binasynda forum geçirildi. Forumyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de “tazyguýruk”, “it ýatak”, “güjük yzy” ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Sergide küýzegärçilik sungatynyň nusgalary, kilimler, haly we haly önümleri, zergärçilik şaý-sepleri görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna sergide aýratyn orun berildi.