Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda diýarymyzyň ösüşleri, Watanymyzyň şan-şöhraty, halkara abraýy türkmen halkynyň ýürek buýsanjyny has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda çäksiz aladalary bimöçberdir.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär. Dünýä ýaň salan türkmen halkynyň taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşmak hem-de wagyz etmek maksady bilen täsirli we gyzykly gezelençler dowamly gurnalýar. Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri Saparmyrat Annamuhammedowyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar bilen muzeýe gezelenç gurnadylar. Olar muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklarynyň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda «Arkadag» teleýaýlymynyň üsti bilen ýazgy etdiler.
Muzeýiň bölümlerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler dogrusynda, şeýle hem ekerançylyk, maldarçylyk, suwaryş ulgamy, ýüpekçilige, senetçilige degişli gyzykly maglumatlar talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.