Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň netijesinde uly üstünlikleri, bähbitli özgertmeleri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny hem-de medeni-mirasyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar. Şonuň esasynda Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran filosof akyldar Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlap ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň gämi obasynyň Medeniýet öýünde göçme sergi gurnaldy.
Sergide ussat suratkeşleriň Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän nakgaş eserleri bilen birlikde keramika sungat eserlerini hem görmek bolýar.Bu sungat eserleri ýerine ýetiren ussatlardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewyň, we ussat suratkeşler Kakageldi Seýitmuhammedowyň, Ýewgeniý Girişeniň we başgada ýaş suratkeşleriň döreden eserlerini synlamak bolýar.
Medeniýetde we sungatda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.