Talyplar muzeýde düşündirişli gezenlençde


Talyplar muzeýde düşündirişli gezenlençde



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyçlarynda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan söýgini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bina döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň müzeýlerinde hem şeýle işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar.

Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp muzeýleriniň biri bolan “Watan mukaddesligi” muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2022-2023-nji okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda 5-nji ýyl talyplary terjimeçilik tejribeligi geçýän günlerinde muzeýiň ýörite hünärmenleriniň tanyşdyrmagy esasynda gezelençler guralyp, muzeýdäki eksponatlar bilen tanyşýarlar. Muzeýiň bölümlerini uly gyzyklanma bilen synlan talyplar gezelenjiň beýanyny ýagny rus, iňlis, nemes , türk, özbek dilleri ýaly dürli dillerde hut öz islegleri bilen hünär tejribeliginde ýörite taýýarlan işlerini muzeýiň hünärmenlerine öz başarnyklaryny görkezmek bilen tejribeligini edýärler. Muzeýde ýerleşdirilen (audiogid) elektron sanly ulgam enjamy has-da täsir galdyrdy. Geljekde muzeý işgärleri terjimeçilik tejribeligini geçýän talyplar bilen bilelikde bu usul bilen baglanyşykly ýazgy esasynda birnäçe gezelenjiň audiogid arkaly düşündirişini taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Talyplaryň muzeýde dowam edýän terjimeçilik tejribelikleri özleriniň okaýan hünärleri boýunça kämillige alyp barýan aýdyň ýoldur. Çünki dilçi hökmünde öwrenýän hünäri esasynda ýurdumyzyň medeni mirasyny yzygiderli öwrenmegi, halkymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan baý mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmegi üstünligiň açary bolup durýar. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň kämilleşmegine, we rowaçlanmagyna uly ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmek, ösdürmek, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek barada yzygiderli aladalar edýär. Her bir işde milli ýörelgämizden ugur alyp, nusgalyk görelde görkezýär.

Bu gün ösüşdir özgerişler ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyzy muzeý işleriniň ilerlemegine giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerimizi aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!