Milli mirasymyza sarpa


Milli mirasymyza sarpa

2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi kabul edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi gurnaldy.

Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe halkyň ýaşaýyş durmuşyndan söz açýan milli gymmatlyklar öz syrly taryhyny bu sergide beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň atasynyň ýonaçy bolandygyny, onuň asylly kesbiniň dowam edendigini hem-de şahyryň hut özüniň şaý-sepleri ýasamakda ussat bolandygyny gürrüň berjek sergidäki şaý-sepler bu kesp-käriň ata-babalardan geçip nesillere dowam bolýandygyny görkezýär. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan türkmen halylary, şaý-sepleri, gadymy küýzeler we nakgaş eserleri şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler hem-de Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmen halkynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.