Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň göçme sergisi
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň geçmiş taryhyna we däp-dessuryna, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milliliklerine çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz milli mirasy ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge muzeý işgärlerine giň mümkinçilikler döredýär. Ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenip, wagyz işlerini geçirip, ile ýaýmak muzeý işgärleriniň paýyna düşýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergileri gurnaýarlar.
2020-nji ýylyň aprel aýynyň 27-sine Aşgabat şäheriniň Mehaniki-tehnologiýa orta hünär okuw mekdebinde Döwlet muzeýi «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli muzeý gaznasynda goralyp saklanylýan gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnady. Serginiň açylyş dabarasynda şol okuw mekdebiniň mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Oguljan Annaýewa, Döwlet muzeýiniň Usulyýet bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa hem-de muzeýiň ylmy işgäri Öwez Rahmanow çykyş etdiler. Sergide milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli haly, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezilýär.
Bu okuw mekdebinde Watansöýüjilik ruhunda terbiýelenip bilim alýan talyp ýaşlaryň gurnalan göçme sergä yzygiderli gelip görmekleri we muzeýiň ekskursiýaçylaryny diňläp, gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaklary milli mirasa goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär. Ýaşlar gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar. Sergi maý aýynyň 3-ine çenli dowam eder.