«Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy


«Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy.

Sergide 100-e golaý nakgaş, grafika, heýkel, şeýle-de amaly-haşam eserleri görkezildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Rejepmuhammet Muhammedowyň «Geçmişde», Baýram Mämiýewiň «Eserdeň alabaý», Ýazgeldi Jumagulyýewiň «Iň wepaly ýoldaş», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Polat Garryýewiň «Tazylar», Gunça Goçmyradowanyň «Kök uran dostluk», Hezretguly Annageldiýewiň «Keramika toplumy» we talyplar Mahym Atakowanyň «Çagalyk dostlarym», Parahat Ilbaýewiň «Wepaly dostlar» atly ajaýyp eserleri bar. Şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi öz işini 10 gün dowam eder.