Lebap welaýatynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy


Lebap welaýatynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli sergi açyldy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy— edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy» atly sergi öz işine başlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna bagyşlan ajaýyp eserleriniň sergisi bilen utgaşýan baýramçylyk sergisinde many-mazmuny çeperçilik taýdan baýramçylygyň ruhuny özünde jemlän sergide lebaply suratkeşler A. Işangulyýewiň «Awçy», Ş.Saparowanyň «Türkmeniň guwanjy», Ý.Muhammedowanyň «Çopan goşunda», heýkeltaraş M.Atajanowyň «Ýaşlyk» ýaly nakgaş we heýkel eserlerine uly orun berilýär.

Şeýle-de sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň Türkmen alabaýyna bagyşlap çeken suratlary görkezilýär.