Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnalan „Enä tagzym–mukaddeslige tagzym“ atly baýramçylyk sergisi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnalan „Enä tagzym–mukaddeslige tagzym“ atly baýramçylyk sergisi



Ýurdumyzda önümçiligiň ähli pudaklarynda öndürüjilikli zähmet çekýän gelin-gyzlar Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň medeniýetde, ylymda, oba-hojalygynda, ykdysadyýetde kuwwatlylygyň has ýokary derejelere göterilip, dünýä giňişliklerine ýaýramagynda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle-de, ajaýyp öý bikeleri, mähriban eneler we ejeler bolan zenanlaryň durmuşda tutýan orunlary has uly bolmak bilen ene-mamalardan miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy nesillerden-nesillere geçirmekde hem olaryň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bar. Şeýle enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bahar baýramlaryna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde „Enä tagzym–mukaddeslige tagzym“ atly sergi gurnaldy. Sergide, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Annadurdy Almämmedowyň, Ýakup Annanurowyň, Durdy Baýramowyň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Mämmet Mämmedowyň, Tamara Kiselýowanyň, suratkeşler Ýewgeniý Grişiniň, Merdan Kakabaýewiň enelere, gelin-gyzlara bagyşlanan nakgaş eserlerinde zenanlara söýgi we hormat äşgär duýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň dörediji zenanlary, milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny goraýjylar bolan zähmetsöýer gelin-gyzlar, olaryň duýgy dünýäsi köp asyrlaryň dowamynda medeniýet işgärlerini täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Dursunsolmaz Muhammedowanyň, Maral Ataýewanyň, heýkeltaraşlar Aleksandr Abramowyň, Ata Ataýewiň, Andreý Žukowyň bu baýramçylyk sergisindäki zenan durmuşyndan döreden ajaýyp heýkel we keramika eserleri hem tomaşaçylara ruhy gözellik paýlap, olaryň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar.
Ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni asylly dessurlara laýyklykda geçirilýär we döwletimiziň zenanlara bolan üns-aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny, enelerimizi ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Janyňyz sag bolsun!