Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi


Milli Bahar baýramyna bagyşlanan göçme sergi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Bahar baýramynyň dabarasy has-da belent derejelere göterildi. Gadymy türkmen ýaýlalarynda ak öýler dikilip, aýdym-sazyň belent owazy, gyz-gelinleriň läleleri bilen garşylanýan Nowruz gününiň hormatyna gazanlar atarylýar, dürli tagamlar taýýarlanyp, Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Şol dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden göçme sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýarly Baýramowyň, «Köpetdagyň eteginde», Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, «Ýaz sagymy», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Mämmet Mämmedowyň, «Toý», Saparmämmet Meredowyň «Çopan aladasy», Kakageldi Seýitmuhammedowyň, «Bu gün toý», «Garaşsyzlyk toýy», suratkeşler Ýewgeniý Grişiniň «Bahar», «Dagda bahar», «Güller», Merdan Kakabaýewiň «Ak bugdaý», Hezret Rejepowyň «Bathyz» atly nakgaş eseleri Diýarymyzyň geçmişi, şu günki güni bilen baglanyşykly bolup, onda türkmen milliligi, toý-dabaralary, Watanymyzyň gözel tebigaty, bahar paslynyň ajaýyplygy öz beýanyny tapýar.
Bulardan başga-da sergide Gylyç Ýarmämmedowyň, Ata Ataýewiň, Mihail Nowikowyň, Myrat Myradowyň, Çaryýar Durdyýewiň, Annameret Taganowyň, Abdymuhammet Oramadowyň, Artur Abramowyň gül-gülälekli bahar paslyna degişli heýkel we keramika eserleride görkezildi.