«Bitaraplyk ýoly - dünýä nusga göreldämiz» atly sergi geçirildi


«Bitaraplyk ýoly - dünýä nusga göreldämiz» atly sergi geçirildi



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bitaraplyk ýoly - dünýä nusga göreldämiz» atly sergi gurnaldy.

Sergide Arkadagymyzyň Bitaraplygy wasp edýän kitaplary, Bitaraplygy beýan edýän nakgaş eserleri, Bitaraplygyň kiçeldilen maketleri, türkmen halylary, küýzeler, şaý-sepler şeýle hem muzeý gaznasynda goralyp saklanýan milli gymmatlyklar we ýurdumyzyň hem Arkadag şäherini wasp edýän ajaýyp suratlar bilen sergi gurnaldy. Parahat durmuşa söýgi, beýik ynsanperwerlik, päkize duýgy-düşünjesi biziň halkymyzyň gadymy ýol-ýörelgesi bolupdyr. Dostlugy, myhmansöýerligi hem göwnaçyklygy özüne mahsus edinen halkymyz dünýä ýüzi bilen aragatnaşygyny mäkäm saklaýar.

Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp zamanasynda ýurdumyz hemişe parahat bolsun!