Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Sagdyn maşgala, berk gala» atly tele ýazgy geçirildi


Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Sagdyn maşgala, berk gala» atly tele ýazgy geçirildi



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýetem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen şygaryna esaslanyp, ene-mamalarymyzdan biziň döwrümize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy wagyz etmek maksady bilen «Sagdyn maşgala, berk gala» atly tele ýazgy edildi.

Ýazgyda türkmen gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdeçilik sungaty barada boldy. Gepleşikde milli däp-dessurlarymyz esasynda dowam etdirilip gelýän keşdede çekilýän nagyşlar, olaryň usullary, taryhy kökleri barada gyzykly söhbetler edildi.

Gepleşige Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Annaşeker Nurmämmedowa, Aşgabat şäheriniň kömekçi mekdebiniň mugallymy Ogulgerek Annasaparowa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, «Miras» teleýaýlymynyň redaktory Ýazjahan Babaýewa gatnaşdylar. Gepleşik Miras teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.