Magtymguly nazar salsa Diýara


Magtymguly nazar salsa Diýara

2024-nji ýyly türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilýänligi mynasybetli ýylymyzyň şygary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi türkmen halkyny buýsandyrdy. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilýän dabaralar bir-biri bilen sepleşýär. Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini jemleýän şygyrlary aýdym bolup halkyň kalbynda ýaňlanýar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Ahmet Şirliýewiň taýýarlamagynda Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Aýdym deýin şirin setirler türkmen halkynyň ebedi buýsanjydyr.

Türkmen halkynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.