Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi


Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde eziz diýarymyzyň medeniýeti we sungaty gülleýär, gül açýar.

Halypa şägirtlik ýoluny ösdürmekde, ýaşlary sungata çekmekde türkmen sungatyny şol bir sanda şekillendiriş sungatyny dünýä ýaýmakda hem aýratyn bellenilmäge mynasyp işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli şekillendiriş sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýmagy başaran Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi gurnaldy.

Sergide ussadyň dürli temalarda döreden ajaýyp eserleri, şeýle-de dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti serginiň many mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Sergä gatnaşanlar sözsüz sungatyň öwüşginleri bolan milli şekillendiriş sungatyny ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda döwletli işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlaryny, ýürekden çykýan buýsançly sözlerini beýan etdiler.