Muzeýler medeni mirasyň mekany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen halky ajaýyp sepgitler bilen soňlanmajak özgerişlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadag şäherinde deňi-taýy bolmadyk şähergurluşyk taslamalary bilen bina edilen desgalarda işler gyzgalaňly dowam edýär. Şeýle desgalaryň biri hem Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasy.
Ahal sebitleriniň gadymy ýadygärlikleriniň biri bolan Paryzdepäniň keşbinde esaslandyrylan bu muzeýiň her bir eksponaty türkmen halkynyň baý mirasydyr. Bu gymmatlyklary gorap saklamak, ýaş nesillere wagyz etmek muzeý işgärleriniň uly wezipesi bolup durýar. Muzeýiň medeniýete baý geçmiş taryhyny, halk hakydasynda ýaýylyp ýatan türkmen halkynyň medeni-taryhy gymmatlyklaryny öwrenmek gyzykly hem täsirli.
2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» adynyň dakylmagy her bir türkmen raýatynyň ýüreginde çäksiz joşgun döretdi. Şu dabaraly günlerde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Arkadag şäher Adalat müdirliginiň we Arkadag şäher kazyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrassiýa gullugynyň Arkadag şäher boýunça müdirliginiň harby gullukçylary hem muzeýi görmäge geldiler.
Muzeýde milli gymmatlyklarymyzy kanun esasynda öwrenilýändigini, olaryň türkmen halkynyň mizemez gymmatlyklary bolup durýandygyny görmek bolýar. Bu ýerde muzeýiň her bir eksponatynyň harby gullukçylarynda uly täsir galdyrandygynyň janly şaýady bolundy. Muzeýimize gelýän her bir ýaş raýatyň milli mirasymyza gözigidijilik, bilesigelijilik bilen garaýandyklaryny göreniňde buýsanjyň artýar.
Olar her bir milli gymmatlyklarymyzy ygtybarly goralyşy hem-de eksponatlaryň Ahal sebitlerine mahsus bolan aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Umuman muzeý bilimiň, ylymyň ojagy, milletimiziň milli baýlyklaryny dünýä medeniýetine goşant goşan halkymyzyň inçeden yzarlamaly taryhy kökleriniň hem jemgyýetiň ruhy durmuşynyň jemlenen ýeri bolmak bilen, hususanda Ahal sebitlerine mahsus aýratynlyklary öz içine alýar. Muzeýi görmäge gelen her bir raýatlarda Watanymyzyň milli aýratynlyklaryna çäksiz söýgüsi ör boýuna galýar.