TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň foto sergisiniň we çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşan, çagalaryň surat sergisi


TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň foto sergisiniň we çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşan, çagalaryň surat sergisi



Häzirki günde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halypa-şägirtlik ýoluna eýerip dürli sergilerde we bäsleşiklerde halypa suratkeşler öz şägirtleri bilen bilelikde sergilere gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriň foto sergisiniň we çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşan çagalaryň çeken eserlerinden ybarat bolan sergidir. Sergide foto, nakgaş suratkeşleriň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň dürli çeperçilik mekdeplerinde okaýan ýaş zehinli suratkeşlerimiziň çeken suratlary görkezilen.

Dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz ähli ugurlarda okap bilim almak üçin, zähmet çekmek we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan syýasatlary rowaçlyklara beslensin.