Halypa suratkeş Yzzat Gylyjowyň şekillendiriş sungatyndaky orny
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek barada uly alada edilýär. Türkmen halky milli däp-dessurlara baý halk. Ata-babalarymyz nesilleri şol asylly däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň üsti bilen terbiýeläpdir. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli şekillendiriş sungatynyň eserlerini gorap saklamaga, ösdürmäge we baýlaşdyrmaga, dünýä halklaryny milli gymmatlyklarymyz bilen içgin tanyşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanylýan eserleriň bahasy çäksizdir. Olar köpdürliligi babatda türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrülendir. Geçmişde uly yz galdyran beýik şahsyýetlerimiz öz döwrüniň gündelik durmuşyny açyp görkezýän eserleri döredip, türkmen şekillendiriş sungatynda halypalyk ýoluny döredipdirler. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde uly yz galdyran halypa, ussat suratkeş Yzzat Gylyjowyň ýüz ýaş ýubileýi ulydan bellenilip geçilýär. Ol 1923-2006-njy ýyllar aralygynda ýaşap, türkmen şekillendiriş sungatyny täze öwüşginde, özboluşly dekoratiw äheňde ösdürmekde öz zähmetini gaýgyrman işlän halypalaryň biridir.
Halypa suratkeşiň döreden eserlerinde sowet realizminiň akademizm yzlary gowy duýulýar, adamlar erkana we ajaýyp, aladaly we şadyýan keşpde bolup, olar tebigy hem-de gaýtalanmajak durmuşda ýaşaýarlar, ruhuňy göterýän zähmet bilen meşgul wagtlaryny açyp görkezýän wakalar giň gerimde görkezilýär. Y.Gylyjow her bir döredýän eserlerinde zähmet bilen bagly oba durmuşyny giňden açyp görkezmäge çalyşýar. 1980-nji ýyllarda suratkeş portret žanry bilen has köp meşgullanýar. Ol öz döreden eserlerinde adamyň häsiýetini açyp görkezmegi, eseriň üsti bilen onuň terjimehalyny gürrüň bermegi öz öňünde wezipe edip goýýar. Halypa suratkeş barada Lebabyň Ýörite sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň baýry mugallymy suratkeş Myrat Baltaýew özüniň talyp ýyllarynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergiler köşgünde gurnalýan täze sergilere ýygy-ýygydan gatnaşýandygy, şonda Yzzat aganyň çykyşlaryny höwes bilen diňleýändigini we her bir aýdýan gürrüňlerinden uly manyny çykarjak bolýandygyny höwes bilen ýatlaýar. Şeýle-de Y.Gylyjowyň öz gurnaýan sergilerinde täze döreden portret we tematiki eserlerine öýkünip, öz döredijiliginde täze eserleriň ýüze çykmagynda gaýybana uly halypalyk mekdebi bolup durýandygyny belläp geçýär. Garaşsyzlyk döwründe Y.Gylyjow has-da hyjuwly zähmet çekýär. Dürli žanrlarda birnäçe eserleri döredýär. Türkmen döwlet sirkiniň içindäki bezeglerini, halkymyzyň gahrymançylykly geçmiş taryhyna ýüzlenmek bilen, Gökdepe söweşi baradaky eserleriň üstünde işleýär. Suratkeşiň köpsanly eserleriniň birnäçesi dünýä belli muzeýlerinde saklanýar.
Dürli ýyllarda türkmen şekillendiriş sungatynda nakgaşçylar, heýkeltaraşlar tarapyndan dürli göwrümli bagşy-sazandalaryň ömür döredijiligi bilen bagly döredilen portret we heýkel eserleri, bu günki günde ýurdumyzyň sergiler öýlerinde we muzeýlerde halk köpçüligine görkezilýär. Olara degişli gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrylýar. Bu eserleriň köpüsi häzirki döwürde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda we sergi jaýlarynda ýerleşdirilendir. Şol sanda beýleki muzeýlerde hem käbir görnüşleri ýa-da olaryň göçürmeleri saklanylýar.
Yzzat Gylyjowyň “Watan waspy” atly nakgaş eserinde üç sany bagşynyň naz-nygmatly saçak başyndaky saz-söhbeti we aýdym aýdýan pursatlary çekilipdir. Suratkeş eserde milliligi öňe çykarmakda gyzyl reňkleri has köp ulanypdyr. Reňkleriň bir-biri bilen sazlaşyp gitmeginde gara-gök öwüsýän bagşylaryň eşikleri eseriň reňk gammasyny sazlaýar. Eseriň arka fonunda ýyly sary reňkler agdyklyk edýär. Bu altyn güýziň bereketli hasylyny görkezmek bilen gyzyl reňkleriň arasynda özboluşly reňk sazlaşygyny döredýär. Adyndan belli bolşy ýaly, türkmen halkyna mahsus bolan gyzyl reňkli don geýnen üç bagşy eserde ilkinji planda öňe çykarylýar. Olar joşgunly keşpde ýürek owazasyny dünýä ýaýýan şekilde görkezilipdir. Gyjakçy aýdyma görä gyjagyny çalyp gaty ynandyryjy görnüşde görkezilse, bagşynyň kömekçisi sazanda aýdymy we bagşynyň owazyna görä sazlaşykly, dutaryna örän ezberlik bilen erk edip çalyşy, bütin durky bilen saza berlendigini ýüz keşbinde gözlerini süzüp oturyşy gaty ynandyryjy görnüşde görkezilýär. Ortadaky bagşy bolsa aýdymyň heňine görä dünýäni unudyp aýdymyň içine girip giden sungat ussadynyň keşbini janlandyrýar. Bagşynyň her bir hereketi özüne çekiji we çyny bilen aýdyma gygyryp aýdýan pursady örän ynandyryjy realistik häsiýetde çekilipdir. Bolup geçýän wakada bagşylar ata Watanyň ajaýyp durmuşyny wasp edýän pursatlary, sary reňke baý bolan, bol bereketli altyn güýzde ýetişen bag-bakjaly miweleriň ajaýyp gözellikleri bilen baglanyşdyrylýar. Bu eser suratkeşiň ylhamynyň, döredijiliginiň gülläp ösen döwründe dekoratiw milli häsiýetde çekilipdir. Adyndan belli bolşy ýaly “Watanyň waspyny” parahat, erkin, asuda durmuşda ýaşaýan halk tarapyndan ýerine ýetirilip bilinýär. Eserde orta ýazylan näz-nygmatly saçak halkyň agzybirligini, jebisligini görkezipdir. Bagşylaryň egnindäki ak ezýakaly köýnegi we başyndaky silkme telpekleri, eseriň reňkleriniň arasyndaky sazlaşygy emele getirýär we ýyly reňkleri öňe çykarýan dekoratiw äheňde çekilen nakgaş eserleriniň biridir. Suratkeşiň meşhur (triptih) üç bölümden ybarat bolan “Şatlyk güni” atly uly göwrümli eseri hem şeýle taryhy wakalar bilen baglanyşdyrylýar. Y.Gylyjow ilkinjileriň biri bolup nakgaşçylykda şeýle iş usulyny dörediji ussat suratkeşleriň biri hasaplanylýar.
Netijede, türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde uly goşant goşan halypa suratkeşleriň döredijiligi, geljekki nesillerimiz üçin uly mekdep bolup, bu ugurda täze kämil, dünýä tehnologiýalaryň üsti bilen täze ugurlaryň döremegine uly itergi berýändigine göz ýetirse bolýar. Dürli äheňde döredilen surat eserleriniň bardygyna we olary öwrenmekde bu eserler ylmy baý çeşme bolup, şekillendiriş sungatynyň hazynasynyň üstüni doldurmakda bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlykdygyna göz ýetirse bolýar.