Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy


Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy.

Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp sungat eserlerinden A.Hajyýewiň «Mollanepes», M.Kakabaýewiň «Gülabylar we üzümler», Ý.Grişiniň «Güller», M.Ataýewanyň «Hereket» atly eserleri sergilendi.

Talyp ýaşlar dünýä ülňülerine gabat gelýän ähli amatly şertleri bolan ýokary okuw mekdebinde kämil bilim almaga döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.