Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sergi


Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sergi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli hem-de Bedew baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 2020-nji ýylyň 20-26-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde göçme sergisi gurnalýar.

Biziň sungat ussatlarymyz bedew atlarymyzy nakgaşçylykda, heýkeltaraşçylykda, zergärçilikde we amaly-haşam sungatlarymyzda diýseň ajaýyp waspyny ýetirýärler. Sergide ussat suratkeşler Türkmenistanyň halk suratkeşleri Çary Amangeldiýewiň, Ýakup Annanurowyň döreden nakgaş eserleri, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Dag etegi», belli suratkeşler Saparmämmet Meredowyň «Bedewler», Walentin Kudrýaşowyň «Parfiýa ýaýlasy», Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy», «Bu gün toý», Rejepberdi Muhammedowyň «Rowaýat» atly eserler toplumy öz beýanyny tapýar.