“Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi


“Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite çeperçilik we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň jemi 2023-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan okuwçylara, talyp ýaşlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Diplomlar, Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.