Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar geçirildi


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar geçirildi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen medeniýetinde, sungatynda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň esasynda ajaýyp sungatyň gözellikleri bu günki bagtyýar döwrümizde adamlarda ýatdan çykmajak täsirini galdyrýar. Biziň göze ýakymly sungat eserlerimiz özüniň milli nepisligi, owadanlygy, kämilligi bilen sungat muşdaklaryny özüne çekýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Parahatçylygyň medeniýeti” atly halkara webinar geçirildi. Webinar sanly ulgam arkaly online görnüşinde geçdi.
Webinara Türkmenistandan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ukrainadan, Ermenistandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Belarussiýadan, Türkiýeden, Gruziýadan, Hindistandan, Päkistandan, Saud Arabystany Patyşalygyndan medeniýet we syýahatçylyk ulgamyndan hünärmenler özara pikir alyşdylar.
Webinaryň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow “Görogly” şadessanyndan bir parçany ýerine ýetirdi.