«Nowruz geldi, bu bagtyýar Diýara»
Ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyrlar, bagtyň, berekediň gelmegi hökmünde garşylapdyrlar. Nowruz (sözme-söz «Täze gün») iň gadymy döwürlerden bäri belli bolan Täze ýyl baýramydyr. Nowruz daýhanyň durmuşynda-da uly orun tutup, ekişiň başlanýan wagty şu gün bilen baglanyşdyrylypdyr. Obada iň hormatlanýan ýaşuly ekerançylyk işleriniň möwsümine ak pata berip, ilkinji bolup ýere tohum sepipdir.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi, bu bagtyýar Diýara» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Baýramçylyk sergisine döredijilik adamlary, mekdepleriň mugallymlary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow dabaraly ýagdaýda açdy.
Şeýle-de sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Atageldi Nepesow, Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr»: Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynyň baş redaktory Nurberdi Dädebaýew, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymy Amanmuhammet Hydyrow, «Bereketli toprak» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgäri, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Oguljemal Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäri Maral Sahatowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy Oguljan Aýnazarowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy, şahyr Jumamyrat Artykow çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ilkinji Prezident muzeýiniň işgärleri sergä myhman hökmünde gatnaşdylar.