Bitarap Watanym - Türkmenistanym


Bitarap Watanym - Türkmenistanym



2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Bitarap Watanym – Türkmenistanym» atly ýaş suratkeşleriň döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlarynyň, hormat hatlarynyň hem-de sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Bäsleşik Galam bilen surat çekmek hem-de Reňk bilen surat çekmek ugurlary boýunça geçirilip, oňa gatnaşyjylar «Bitarap Watanym – Türkmenistanym», «Beýik Ýeňişiň gazanylmagy ugrunda türkmen halkynyň görkezen gahrymançylyklary», «Bagtyýarlyk döwründe gahrymanlaryň sarpasy» - diýen temalardan özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda Galam bilen surat çekmek boýunça 1-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Gurdow Nurmyrat, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Söýünow Mekan, 2-nji orna Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Çaryýewa Bossan, Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Batyrow Döwran, 3-nji orna Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Atajykow Röwşen, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Döwletdurdyýew Süleýman, Reňk bilen surat çekmek boýunça 1-nji orna Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Aşyrmyradow Perhat, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Bäşimowa Dursunjemal, 2-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Nejepowa Gülnäzik, Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Nurgeldiýewa Bahar, 3-nji orna Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Meredowa Aýlar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Garlyýewa Çynar eýe boldular.
Bu dabara ýurdumyzyň halypa suratkeşleri hem gatnaşyp, ýaş zehinleriň ýerine ýetiren işlerine gowy baha berdiler we olara geljekde bu ugurdan kämillige ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Bäsleşige gatnaşyjylar özleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.