«Nowruz geldi, bu bagtyýar diýara»
Türkmen tebigatynyň gülläp joş urýan çagynda – eziz diýarymyz Nowruz baýramynyň toýuny toýlaýar. Nowruzyň gelmegi bilen ynsan dünýäsine gözellik kalbyna nur çaýylýar. Türkmen tebigatynyň gülläp joş urýan çagynda- Nowruz aýynda döwlet derejesinde dabaraly bellenilýän bu baýramçylyk türkmen halkynyň täze taryhyny bezeýän iň ajaýyp şanly seneleriň biridir. Ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasyna, medeniýetine däplerine dünýägaraýşyna hem-de durmuş ýörelgesine hormat goýmak, ony goramak we bütin gymmatlygy bilen geljekki nesillere ýetirmek maksat edinilip millilige ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan milli baýramy dikeldip halkymyza gaýtarylyp berildi.
Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Nowruz geldi, bu bagtyýar diýara» atly sergide halypa suratkeşlerimiziň şeýle-de ýaş suratkeşleriniň döreden eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergide birnäçe bezegli keramika, nakgaş, amaly-haşam sungaty eserlerinde eneleriň, gelin-gyzlaryň gözelligini wasp edýän sungat gözelliklerini görmek bolýar.
Sergidäki eserleriň arasynda ussat suratkeşler Rahman Umarowyň, Gülşat Annamyradowanyň, Tamara Kisilýowanyň, Saparmämmet Meredowyň, Aýa Serhenowanyň, Aýjeren Meredowanyň, döreden nakgaş eserleri şeýle hem birnäçe ussat keramikaçylarymyzyň döreden ajaýyp keramika küýzeleri görkezilýär. Olardan Maral Ataýewanyň, Annameret Taganowyň eserleri bolup sergä ajaýyp öwüşgin çaýýar. Sergide suratkeş Gülşat Annamyradowanyň «Garagumyň hüwdüsi» atly eserinde biziň baýlygymyz bolan garagum çölüniň gijeki gözelligi wasp edilýär. Eserde aý-aýdyň gijede ýyldyzly asmanyň gözelliginde biz köşeklije, düýäniň hamana diýersiň öz köşejigine hüwdi aýdyp berýän mysalynda sazagyň gapdalynda çökip oturan görnüşi beýan edilýär,eserde mähribanlyk we mukaddeslik görkezilýär. Eser ýyly gök reňkler esasynda ýerine ýetirlipdir,umuman eser her bir tomaşaça uly täsirini ýetirýär.
Nowruz baýramy Berkarar Türkmenistanda myhmansöýüjilik däplerine ygrarly halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklary bilen has içgin tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da,baýramçylyk dabaralarynda guralýan halkymyzyň şöhratly taryhynyň şaýady bolup gelýän muzeý gymmatlyklarynyň täsin sergileri hem öz beýanyny tapýar.