ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN BUÝSANÇLY ERTIRE UZAÝAN KÖPRI
Öz köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ruhy-medeni mirasymyzyň bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda dünýä nusgalyk derejä göterilendigi her birimizi buýsandyrýar.
Aşgabatdaky, welaýat merkezlerindäki, etrap-şäherlerimizdäki, obalarymyzdaky ýokary hil ülňülerine doly laýyk gurlan teatrlardyr muzeýlerde, kitaphanalarda... zähmet çekýänleriň öz işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk alyp barmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar üçin döredilen şeýle ajaýyp desgalaryň biri hem, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragy muzeýidir.
Dabaraly ýagdaýda ulanyşa berlen ilkinji gününden bäri ýurdumyzyň raýatlarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hem-de dünýäniň dürli döwletlerinden gelýän myhmanlaryň iň bir gelim-gidimli ojagyna öwrülen, arhitektura gurluşy babatda täsin bir gözellige eýe bolan Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki heýkeller özboluşly şahyrana simfoniýany emele getirýär. Magtymgulynyň heýkeli bu ajaýyp monumentiň merkezi bölegidir. Bu görnüş öz eserlerinde umumadamzat maksatlaryny we ruhy-edebi gymmatlyklary beýan edip, dünýäni has gözelleşdirmäge çagyrýan şahyryň beýik pikirlerini alamatlandyrmak bilen, belentlikden seleňläp dur.
Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň iki tarapynda ajaýyp gözelligi emele getirýän nusgawy şahyrlarymyz Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň, Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň heýkelleri bizi şöhratly taryhyň jümmüşine aralaşdyrýar. Şonuň üçin hem merdana türkmen halky bu beýik söz ussatlarymyzyň atlaryny taryh üçin, geljekki nesiller üçin kalbynyň töründe aýap saklaýar. Bu synmaz hakykata Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki şu ajaýyp heýkelleri synlanyňda hem açyk-aýdyň göz ýetirýärsiň...
Umumy tutýan meýdany 5,5 müň inedördül metre golaýlaýan muzeýiň iki gatly binasynda hemişelik hereket edýän zallaryň ençemesi bolup, olarda uly ähmiýetli taryhy gymmatlyklary saklamak, öwrenmek, bu ýere gelýänlere görkezmek, 300 orunlyk mejlisler zalynda bolsa dürli döredijilik duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahatlary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Muzeýde Garaşsyzlyga, beýik söz ussadymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan zallar, şeýle hem şahyryň dogduk mekanynyň tebigat gözelliklerine bagyşlanan «Tebigat zaly», «Arheologiýa», «Etnografiýa» zallary we beýleki bölümler bar. Olar beýik şahyry we akyldary kemala getiren türkmen halky bilen tanyşmaga, beýik söz ussadynyň döredijiligine taryhy-terjimehal we medeni-etnografik nukdaýnazardan garamaga, onuň milli medeniýetimizi kemala getirmäge hem-de bütindünýä
medeni-ynsanperwer ulgamda öz mynasyp ornuny eýelemegine goşan goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär.
...Ajaýyp köşk-eýwany ýada salýan iki gatly ymaratyň häzirki zaman tehniki serişdeler bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sergi zallarynyň ählisinde filmleri görkezmek üçin monitorlar bar. Interaktiw we multimedia tehnologiýalary muzeý maglumatlaryny baýlaşdyrmaga hem-de ony özleşdirmek üçin degişli şertleri döretmäge ýardam berýär. Muzeýde akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň aýry-aýry tapgyrlary öz mynasyp beýanyny tapýar. Magtymgulynyň Şirgazy medresesinde okan döwri baradaky maglumatlar hem bu ýere gelýänleriň bada-bat ünsüni özüne çekýär. Ol türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bilimleri özleşdirmäge bolan çäksiz höwesini alamatlandyrýar.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, türkmenlerde bilim, edebiýat we sungat hemişe aýratyn sarpa eýe bolupdyr. Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň, Durdy şahyryň, Çowdur hanyň we beýleki taryhy şahslaryň, şonuň ýaly-da halk gazalçy-dessançylarynyň keşpleri hem bu muzeýe özboluşly bezeg berýär. «Magtymguly — zergär» diýlip atlandyrylan şekil bolsa beýik şahyrymyzyň Hakdan berlen zehininiň ýene bir tarapyny açyp görkezýär.
Muzeýde Magtymgulynyň eserleri, ondan öňki döwürde ýaşap geçen şahslaryň hem-de beýik akyldarymyzyň döredijiligini mynasyp dowam etdiren türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň dürli dillerde neşir edilen eserleri bilenem içgin tanşyp bolýar. Bu ýerde şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan neşirler, şol sanda beýik Magtymgulynyň eserleri we döredijiligi barada gürrüň berýän köp sanly kitaplar hem bar.
Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Balkan welaýaty häzirki wagtda-da halkara üstaşyr ulag ýollaryň merkezi bolup durýar. Muzeýdäki köp sanly gymmatlyklar bu etrabyň ýerleşýän subtropik jülgesiniň baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýär. Muzeýiň diwarlyklarynda welaýatda bitýän dermanlyk ösümlikler, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik we beýleki eserleri hem görkezilýär.
Muzeýiň arheologiýa zalyny welaýatyň çäklerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar eýeleýär. Ýurdumyzda XIV-XV asyrlarda gurlan binalaryň bu ýerde ýerleşdirilen nusgalary adamlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde welaýatyň çägindäki Parawbibi ýadygärligi, Şibli baba aramgähi, Dehistan taryhy ýadygärlikleri we beýlekiler barada hem gyzykly maglumatlar bilen içgin tanşyp bolýar. Dürli saz gurallary, gadymy zähmet gurallarynyň toplumlary, öý esbaplary, bezeg şaý-sepleri, haly önümleri, milli lybaslar, külalçylyk ussahanasy, dokma senedi üçin enjamlar, türkmeniň ak öýi we beýleki köp sanly gymmatlyklar muzeýiň etnografiýa zalynyň esasy eksponatlary bolup durýar. Olaryň her biri ýurdumyzyň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.
Beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň adyny göterýän etrapdaky Magtymguly Pyragy muzeýi, sözüň doly manysynda, iň bir gelim-gidimli ýer bolup, ol milletimiziň ruhy kämilliginiň kemala gelmegine, muzeý işiniň ösdürilmegine, halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyny öwrenmäge, aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda beýik söz ussadymyzyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejesinde giňden bellemek baradaky taryhy çözgüdi bilen ruhlanan muzeýiň hünärmenleri dünýä derejesinde taryhy waka öwrüljek bu pursada şu günlerden taýýarlyk görýärler.
Arkadag Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şahyryň Köpetdagyň eteginde gurulýan medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu seýilgäh toplumyny 2022-nji ýylda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gabatlap açmak hem-de 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek barada aýdanlary akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň nobatdaky beýany boldy.
Geçmiş bilen geljegiň arasyndaky berk baglanyşygy döredýän bu muzeýiň hünärmenleri milli mirasymyzy içgin öwrenmäge, aýap saklamaga, olary wagyz etmäge dünýä derejesindäki ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Hojaberdi Baýramow