«Bagt şäherim Aşgabat»


«Bagt şäherim Aşgabat»



Gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we öňdengörüjülikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ak mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gaýtalanmajak gözelligi, asudalygy, rahatlygy ähli döwürlerde hem ýazyjy şahyrlaryň ylhamyny joşduryp gelipdir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Umuman gözel paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalar bu ady agzalýan meşhur kitapda ajaýyp orun alýar. Munuň şeýle bolmagy biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Medeniýet sungat işgärleri özleriniň döredijiliginde türkmen tebigatynyň gözelligi bilen bir hatarda ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyplygyny uly joşgun söýgi bilen döredýärler. Şeýle ýerine ýetirilen sungat eserlerinden düzülen sergi ak şäherimiz Aşgabadyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bagt şäherim Aşgabat» ady bilen gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleri we heýkeltaraşlary tarapyndan ýerine ýetirilen owadan sungat eserleri öz ornuny tapýar. Bu sergide ussat suratkeşler Annadurdy Almämmedowyň, Gennadiý Babikowyň şeýle hem Inga Pawloskaýa, Tamara Kiselýowa, Baky Sytdyhowyň eserleri sergä ajaýyp gözellik çaýýar. Suratkeş Sadap Hojagulyýewanyň 2015-nji ýylda ýerine ýetiren «Aşgabat» atly eserinde gözel paýtagtymyzyň keşbi agşam görnüşinde beýan edilýär. Eser ýagty çyralar, ak mermerli binalar, dürli reňkleriň öwüşgüni esasynda ajaýyp görnüşde ýerine ýetirilipdir.

«Aşgabat, Aşgabat janym Aşgabat
Watanym şöhratym, şanym Aşgabat... »
Şeýle ajaýyp goşgy setirlerinde waspy dünýä dolan gözel paýtagtymyz, ak şäherimiz Aşgabat mermere beslenen, Aziýanyň merjen şäheri hökmünde biziň her birimiziň kalplarmyzy joşduryp ylhamymyza ylham goşýar.