Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Abadan, Garaşsyz, Bitarap Watan” atly sergisi
Birleşen milletler guramasy tarapyndan ykrar edilip, 185 döwletiň goldamagynda Bitaraplyk derejesini alan ata Watanymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen gülläp ösüşleriň ýoluna düşdi.
Baky Bitaraplyk derejesini alan ata Watanymyz bu ýyllaryň içinde hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji agzybir halkyň biragyzdan goldawyna mynasyp bolan içeri we daşary syýasaty, ilkinji nobatda milli bähbitleri goramaga, halkyň däp-dessurlaryny dikeltmäge, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirdi, beýleki halklar bilen medeni gatnaşyklarymyz dünýä giňişliklerine ýaýrady.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda Baky Bitaraplygyň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem hemişe bolşy ýaly, bu şanly baýramçylygyň dabarasy ýurdumyzyň oba-şäherlerini gurşap aldy.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Baky Bitaraplygymyzyň baýramçylygy mynasybetli “Abadan, Garaşsyz, Bitarap Watan” atly sergi guralyp tomaşaçylara hödürlendi. Onda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri, suratkeşler Saparmämmet Meredowyň, Tamara Kiselýowanyň, suratkeşler Rahman Myradowyň, Muhammet Gubyýewiň, Kömekgeldi Orazdurdyýewiň, Jennet Aýdogdyýewanyň Bitaraplyga bagyşlanan ajaýyp nakgaş eserleri sergilendi.
Sergidäki eserleriň süňňünden Garaşsyz, Baky Bitarap türkmen döwletiniň ösüşleri, Bitaraplygyň beren miweleri, dost-doganlyk gatnaşyklary, parahatçylyk, ynsanperwerlik eriş-argaç bolup geçýär. Bu sergide taryh, adamlaryň ajaýyp zähmetleri, türkmen topragynyň eçilen nazy-nygmatlary, umuman döwletimiziň ösüşleri, adamlaryň ýaşaýyş durmuşy baradaky eserleriň üsti bilen Baky Bitaraplygymyzyň gazananlary wasp edildi.
Hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.