Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli sergi gurnaldy


Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli sergi gurnaldy



Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Berekediň egsilmesin topragym» atly sergi we muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Hasyl toýy mynasybetli guralan sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň «Pagtaçylara ylmy kömek» we H.Rejepowyň «Pagtaçylar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gennadiý Babikowyň «Hasyl», Hoşgeldi Şahberdiýewiň «Şetdaly hasyly», «Annasapar Amanmämmedowyň «Alma ýygymy», N.Ýurýewiň «Gyzyl reňkli natýurmort» we başga-da birnäçe suratkeşleriň daýhanlaryň, oba hojalyk işgärleriniň durmuşyndan söz açýan nakgaş eserleri görkezildi.

Sergi bilen ugurdaşlykda muzeýiň işgärleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda hem söhbetdeşlik guraldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda oba hojalyk toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň has-da üstünliklere we rowaçlyklara beslenýändigini, ene topraga yhlas edip ondan bol hasyl almagy başarýan daýhanlarymyzyň işlemekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilip berilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Şeýle-de söhbetdeşlikde ýurdumyzyň suratkeşleri tarapyndan türkmen obalarynyň, zähmet adamlarynyň üstünlikleri bagyşlap döreden nakgaş eserleriniň many-mazmun taýdan baýdygyny, suratkeşleriň oba hojalyk temasyna ýüzlenenlerinde ony doly derejede öwrenip, hakyky durmuşy pursatlary kendir ýüzünde üstünlikli beýan edýändiklerini nygtadylar.