Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hatyra» atly sergi gurnaldy


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra güni mynasybetli «Mukaddes hatyra» atly sergi gurnaldy



2021-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanan «Mukaddes hatyra» atly sergi gurnaldy. Sergi iki bölümden ybarat bolup, muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklar görkezildi. Birinji bölümde Gökdepe söweşi barada gürrüň berýän fotosuratlar we muzeý gymmatlyklary görkezilýär.
Ikinji bölümde Aşgabat şäheriniň ýer titremesinden öňki durkuny görkezýän fotosuratlar öz beýanyny tapýar. Şeýle-de Aşgabat şäheriniň şol wakadan soňky pajygaly keşbi fotosuratlaryň üsti bilen beýan edilýär. Tebigy apatdan aman galanlaryň bu heläkçilikden ejir çeken adamlary halas etmekde görkezen gaýduwsyzlyklary, agyr günlerde kömege gelen lukmanlaryň bitiren hyzmatlary baradaky fotosuratlar görkezilýär. Halk bu pajygaly ýagdaýy ýeňip geçip, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini dikeltdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde Merkezi Aziýanyň merjenine öwrülen häzirki zaman ak mermerli Aşgabadyň keşbini görkezýän fotosuratlar serginiň bezegine öwrüldi. Ajaýyp binalar, medeni we dynç alyş seýilgähleri, şeýle hem arhitektura ýadygärlikleri görnüşindäki sowgatlyk kompozisiýalary serginiň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.