Türkmenistanyň çägindäki paleontologiýa tapyndylary


Türkmenistanyň çägindäki paleontologiýa tapyndylary



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň özboluşly tebigatyny, onuň biologiki baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda, gorap saklamakda her bir raýatyň ekologiki sowatlylygyny ýokarlandyrmak syýasatyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi dürli çäreleri geçirýär.

Türkmenistanda mezozoý we kaýnozoý eralarynyň deňiz we kontinental çökündileri giňden ýaýrandyr. Bu çökündileriň gatlaklarynda gadymy haýwanlaryň we ösümlikleriň daşlaşan galyndylary we yzlary yzygiderli tapylýar. Olaryň kömegi bilen alymlar ýer gatlaklarynyň ýaşyny kesgitleýärler we gadymy döwürleriň ýaşaýyş şertlerini dikeldýärler. Muzeýde saklanylýan dürli paleontologiýa tapyndylar gelýän myhmanlaryň ünsüni çekýär. Muzeýiň ekskursowodlary bu täsin tapyndylar barada gyzykly maglumatlary aýdýarlar. Türkmenistanyň çäginde dünýä belli paleontologiýa ýadygärlikleriň biri Hojapil gerşindäki dinozawrlaryň aýak yzlarydyr. Muzeýiň ekspozisiýasynda bu ýadygärlik bilen bagly surat, gipsden ýasalan dinozawrlaryň aýak yzynyň nusgasy görkezilýär we ol barada maglumat berilýär. Bu täsin yzlar barada 2020-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Aman Nigarowyň, Italýan paleontologlary F.Fantiniň we M.Kontessiniň hem-de Türkmenistanyň görnükli alymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Paltamed Esenowyň «Ýokary ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar» atly kitaby çap edildi.

Şol kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde «Türkmenistanyň çägindäki paleontologiýa tapyndylary» atly ylmy maslahat gurnaldy. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow «Muzeýiň ekspozisiýasyndaky paleontologiýa eksponatlary», Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň uly ylmy işgäri Aman Nigarow « Ýokary ýura döwrüniň dinozawrlary», Türkmenistany Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew «Türkmenistanyň çäginden tapylan haýwanlaryň paleontologik tapyndylary – milli gymmatlygymyz», Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň uly mugallymy, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgerek Baýramdurdyýewa «Hojapil belent tekizligiň» geologik gurluşlarynyň mikrofauna barlaglary», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň uly mugallymy, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulnabat Rahmanowa «Köýtendagyň ýokary ýura döwrüniň paleoflorasy», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň mugallymy, geologiýa-minerologiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakin «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geologiýa muzeýindäki paleontologiýa eksponatlar», «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Regional geologiýa bölüminiň uly ylmy işgäri Tatýana Gluşkowa «Günorta-günbatar Türkmenistanyň mikrofaunasy» we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa «Muzeýiň toplumyndaky gadymy ösümlikler» atly nutuk bilen çykyş etdiler. Maslahata gatnaşan myhmanlar Döwlet muzeýiniň tebigat ekspozisiýasy bilen tanyşdylar, muzeý işgärleriniň gyzykly gürrüňlerini diňlediler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasynyň işgärleri hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary maslahata myhman hökmünde gatnaşdylar.