Göçme sergi
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdaryrmyzyň Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Türkmen halkyň, döwletiň ykbalynda ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýiň gymmatlyklaryndan düzülen nakgaş, amaly-haşam, keramika eserlerinden düzülen göçme sergini gurnady.
Ýurdumyzyň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowlandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň elmydama janlary sag, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan beýik işleri diňe rowaçlyklara beslensin.