Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergi


Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergi

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň çuň pelsepä ýugrulan şygyrlarynda türkmen halkynyň erkinligini, garaşsyzlygyny sarsmaz binýadyny arzuwlapdyr. Pyragynyň arzuwlan döwletiniň binýady berkden tutuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylyklarynda adamzadyň ruhy hazynasyna özüniň manyly setirleri bilen şirin şygyrlaryny miras goýan akyldar Magtymguly Pyragynyň baý döredijiliginiň şöhraty dünýä dolýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy we milli miras» atly sergi gurnaldy. Ajaýyp sergide Gündogaryň söz ussady dana akyldar Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi türkmen halkynyň milli şekillendiriş sungatynda we amaly-haşam sungatynda aýdyň şöhlelendirildi.

Sergä gatnaşanlar, şeýle-de muzeý hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda söz mülküniň şasy, söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligini wagyz etmäge täsin sungat eserlerinden sergileri gurnap halkymyza ýetirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşlaryny, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.