«Guşlar tebigatyň bezegi»


«Guşlar tebigatyň bezegi»



2020-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Guşlaryň halkara güni mynasybetli gurnalan «Guşlar tebigatyň bezegi» atly serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. «Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde guşlaryň Halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk daşky gurşawy goramak babatda wajyp pikirleri wagyz etmäge bagyşlanýar. Ýer ýüzünde köp guşlaryň ýitip gitmegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda adamlaryň medeniýetini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bu meselä hormatly Prezidentimiziň giň halkara goldawyna eýe bolýan başlangyçlary netijesinde uly üns berilýär we daşky gurşawy, biologik köpdürliligi goramak boýunça uly maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlyklaryny özünde jemleýän täsirli ekspozisiýasy adamlaryň höwes bilen synlaýan ýerleriniň biridir. Muzeýde hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzyň özboluşly tebigatyny, biologiki baýlyklaryny gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, her bir raýatyň watançylyk duýgusynda ekologiki sowatlylygy ýokarlandyrmak syýasaty göz öňünde tutulyp, ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň alymlary bilen yzygiderli duşuşyklar, sergiler we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Bu günki sergi munuň nobatdaky subutnamasydyr diýip, Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda nygtady.

Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak we gidrometeоrologiýa müdirliginiň başlygy, ornitolog, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Juma Saparmyradow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Maral Akyýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri Saparmyrat Annamuhammedow, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy, şahyr Jumaberdi Artykow, «Bereketli Garagum» Döwlet tebigy goraghananyň ylmy bölüminiň ylmy işgäri Tyllagözel Otdyýewa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi Gülnar Çaryýarowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň mugallymy Rahym Saparmyradow we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Nurberdi Nurberdiýew çykyş etdiler. Serginiň açylyşynda şeýle hem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, biolog, höwesjeň suratkeş Täjigül Gurbanowa çykyş etdi. Ol sergide görkezmek üçin özüniň guşlara bagyşlanan suratlaryny hödürledi we «Çöl serçeleri. Arzuwlar» diýen suratyny muzeýe sowgat berdi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň gözegçileri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary myhman hökmünde gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasynda alymlar Türkmenistanda guşlaryň Halkara gününi bellemegiň taryhy, biziň ýurdumyzda duş gelýän dürli guşlar, haýwanat dünýäsini goramakda geçirýän işleri we şol ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty barada çykyş etdiler. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän «Ýaş tebigatçy» gurnagyna gatnaşyjylar guşlar barada taýýarlanan kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň ählisi serginiň ekspozisiýasyna aýlanyp, onda ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri, ýumurtgalary, höwürtgeleri, heýkelleri, suratlary we haly pannolary ýerleşdirilip, olaryň üsti bilen guşlaryň köpdürlüligi we owadanlygy görkezilýär. Sergide guşlara degişli ylmy we çeper kitaplara hem-de žurnallara giň orun berilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň guşlary öwreniji alym-ornitologlarynyň portretleri hem görkezilýär.