“EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisi


“EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisi



2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisi öz işine başlady we häzirki wagtda dowam edýär. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan “EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisi “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” diýen şygar astynda geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda muzeý işini sanly ulgama geçirmek, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “EKSPO – 2020” Bütindünýä serginiň medeni bölüminde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografik ýygyndylary, şol sanda ajaýyp zergärçilik önümleri, el işleri, türkmen halylary hem-de haly önümleri, horjunlar we beýleki özboluşly gymmatlyklar görkezilýär. Monitorlarda Diýarymyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni, meşhur binagärlik ýadygärlikleri, türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy bilen tanyşdyrýan slaýdlar we wideorolikler görkezilýär.
“EKSPO – 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň milli muzeýlerine onlaýn syýahat guramak hem göz öňünde tutulan. Şol meýilnama esasynda ýaňy ýakynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň www.virtualmuseum.gov.tm saýtynda görkezilýän ekspozisiýa zallaryndaky gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy. Onda Döwlet muzeýiniň “Gadymy döwür” (Arheologiýa), “Marguş”, “Irki orta asyrlar”, “Haly” zallary, “Etnografiýa”, “Tebigat” bölümleri bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän şeýle çäreler, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýan gymmatlyklar bilen diňe bir ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem, biziň ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklary, milli däp-dessurlary bilen gyzyklanýan daşary ýurtly raýatlara hem giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýär.