«Saňa at diýmerin, gardaş diýerin!»
Ahal welaýat kitaphanasynyň Neşirleri toplamak we işlemek bölümi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti bilen bilelikde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň eýwanynda «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin!» ady bilen baýramçylyk söhbetdeşligini guradylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlary edip, öz gözelligi, duýgurlygy, häsiýetli aýratynlyklary netijesinde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan bedewlerimizi wasp edýän şygyrlary hem okadylar.
Şeýle-de Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlaryny wagyz etmek bölümi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komiteti bilen bilelikde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň eýwanynda «Bedew atlar Diýarymyzyň buýsanjy» ady bilen baýramçylyk söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisini gurnadylar. Sergi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewi barada aýdan pähimli sözleri, ýazan kitaplary bilen açyldy. Bu kitap sergisi dabara gatnaşyjylarda ahalteke bedewleri barada gerekli maglumatlaryny öwrenmekde örän täsirli boldy. Behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň edýän bimöçber işleri üçin alkyşlar aýdylyp, janynyň sag, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.