«Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi


«Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi



2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak we raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek jähtinden buýsandyryjydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasydyr. 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk gününiň yglan edilmegi bu şanly senäniň many-mazmunyny dünýä derejesinde has hem artdyrdy we dabaralandyrdy.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Biziň Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän buýsandyryjydyr. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Taryhda käbir döwletleriň bitaraplyklary aýry-aýry döwletler tarapyndan ykrar edilen bolsa, biziň döwletimiziň Bitaraplygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendir.

Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan halkymyzyň hasyl bolan arzuwydyr. Gysga döwürde Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, halklaryň dostlugy we hyzmatdaşlygy ýörelgelerine wepaly döwlet hökmünde Ýer ýüzünde tanalmagy ýurduň daşary syýasatynyň gazanan ägirt uly üstünligidir. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi gülläp ösüşleriň binýadydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. 2020-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda serginiň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň tanymal adamlary, döredijilik işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy.

Dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Atajan Burynow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek bölüminiň müdiri Sapargeldi Durdyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Indira Gandi adyndaky Aşgabadyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Mahym Gubiýewa çykyş etdiler.

Dabarada Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi, Türkmen Bitaraplygynyň ýurtda abadançylygy we asudalygy berkarar etmekdäki orny, eziz Diýarymyzyň ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem täze belent derejelere eýe bolandygy barada sergä gelen myhmanlar örän täsirli maglumatlar bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň, Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň, Baş drama teatrynyň işgärleri dabara myhman hökmünde gatnaşdylar.