«Türkmen alabaýy – edermenligiň we wepalylygyň nusgasy»


«Türkmen alabaýy – edermenligiň we wepalylygyň nusgasy»



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň milli, taryhy hem-de medeni mirasyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek babatda durmuşa geçirýän işleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosasiýasy döredildi.

Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Marguşdan, Altyndepeden alabaýlaryň toýundan, Daňdanakanda bolsa alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň tapylmagy bu tohum itleriň örän gadymydygyndan habar berýär. Bu işleriň netijeli alnyp barylmagy bolsa, türkmen halkynyň taryhyny, olaryň döreden aýratynlyklaryny dikeltmekde möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda gymmatly maglumatlaryň mynasyp orun eýelemegi, bu eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ynsanyň ýakyn dosty, syrdaşy hasaplanýan Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmen alabaýy – edermenligiň we wepalylygyň nusgasy» atly sergisi hem ýokary derejede geçirildi. Sergide türkmen alabaýynyň keşbi suratlandyrylan haly pannolara aýratyn orun berilýär. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy bu olaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýänligini alamatlandyrýar. Şeýle-de, sergide muzeýiň arheologiýa gaznasynda saklanýan toýundan ýasalan itiň heýkeljikleri, ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan gadymy fotosuratlar, maddy-medeniýet we sowgatlyklar gaznalarynda saklanylýan alabaý bilen bagly zergärçilik eserleri hem-de heýkeller sergilendi.

Sergä ýurdumyzda belli itşynaslar çagyrylyp, olar Türkmen alabaýynyň ynsana wepaly dostlugy barada gyzykly gürrüň berdiler.