«Bitaraplyk syýasaty-milli ösüşimiziň nusgalyk binýady»


«Bitaraplyk syýasaty-milli ösüşimiziň nusgalyk binýady»



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak we goramak, sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen Watana, türkmeniň şöhratly taryhyna söýgi döretmek boýunça ýurdumyzyň muzeýleri maksatlaýyn häsiýetli işleri alyp barýarlar.
Golaýda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylymyza şeýle-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan muzeýleriň arasynda «Bitaraplyk syýasaty-milli ösüşimiziň nusgalyk binýady» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleri ýagny, welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleri we muzeý şahamçalary gatnaşdy.
«Bitaraplyk syýasaty-milli ösüşimiziň nusgalyk binýady» atly bäsleşigiň esasy maksady gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary, şekillendiriş sungatyna degişli eserleri gorap saklamak, öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmekden, özygtyýarly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny we Garaşsyz ýurdumyzyň hoşniýetli halkara syýasatyny wagyz etmekden, bu ugurda özara tejribe alyşmakdan, ýetilen üstünlikler bilen giň halk köpçüligini tanyşdyrmakdan, nesillerde halkyň milli medeni mirasyna, muzeý gymmatlyklaryna bolan çuňňur söýgüni, buýsanjy kemala getirmekden, muzeýlerde guralýan sergileriň täsirli bolmagyny gazanmakdan, muzeý işini has-da ösdürmekden ybaratdyr.
Bäsleşige gatnaşan muzeýler dürli ugurlar boýunça özaralarynda bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertlerine görä, «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi» diýen ada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, «Ýylyň iň gowy şäher muzeýi» diýen ada Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, «Ýylyň iň gowy etrap muzeýi» diýen ada Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Taryh muzeýi, «Ýylyň iň gowy oba muzeýi» diýen ada Babadaýhan etrabynyň Ak wekil obasyndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, «Ýylyň iň gowy muzeý şahamçasy» diýen ada Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmengala etrabynyň Serdarýap geňeşligindäki şahamçasy mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary, Diplomlary we Hormat hatlary gowşuryldy.