«Gurjaklar we oýnawaçlar dünýäsi» atly sergi geçirildi


«Gurjaklar we oýnawaçlar dünýäsi» atly sergi geçirildi



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň welaýatlaryndan amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň gatnaşmagynda sergi gurnaldy.

Sergide türkmen halkymyzyň waspy jemlenen ajaýyp gurjaklaryň we arçanyň bezegi bolan oýnawaçlary sergilenýär. Nagyşlar we el işleri bilen bezelen gurjaklar sergide ähmiýetli orun eýeleýär. Täze ýyl baýramynyň şatlykly-şowhunly geçmegi üçin çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak ýatlama galdyrjak önümler serginiň gözelligini has-da artdyrýar.

Ussat suratkeşleriň zehin yhlasyndan kemala gelen eserler tomaşaçylarda ajaýyp täsir galdyrýar. Sergä gatnaşanlar halkymyzy abadan durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.