Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi
Muzeýler häzirki güne çenli adamzat jemgyýetinde medeniýetiň ösmegi üçin wajyp orny eýeläp gelýär. Ol ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösmegine hem uly goşant goşýar. Dünýä jemgyýetçiliginde muzeýler halklaryň, dürli döwletleriň arasynda arabaglanyşygy ýakynlaşdyryjy hökmünde hyzmat edýär. Döwletleriň hersiniň özbaşyna dürli syýasata gulluk edýändigine garamazdan, muzeýler hemişe medeniýetiň, milli mirasyň bütewililigi ugrunda hereket edýär.
Muzeýler dünýäniň medeni mirasyna degişli bolan ýurduň milli-medeni mirasynyň iň gymmatly bölegini geljekki nesiller üçin gorap saklaýar we häzirki döwrüň adamlaryna wagyz etmek maksady bilen ekspozisiýada görkezýär.
«Milli» derejesi bolan muzeýler bolsa, belli bir ýurduň we onda ýaşaýan halklaryň milli özboluşlygyny gorap saklaýar we görkezýär. Milli taryhynyň, milli medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň toplumyny ekspozisiýada görkezýär we alyp barýan işini jemgyýetiň öz milliliklerini duýmagyna gönükdirýär.
«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda «Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan, umumydöwlet ähmiýetli muzeý gaznalary bolan, olaryň medeniýet we muzeý işi babatdaky işleri aýratyn döwlet we jemgyýetçilik ähmiýete eýe bolan muzeýlere «Milli» derejesi berlip bilner» diýip bellenilýär.
Şeýle hem, «Milli» derejesi bolan muzeýleriň hataryndan ýurduň öňdebaryjy milli muzeýi kesgitlenilýär diýlip aýdylýar.
Şu gün, ýagny 2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, muzeý işiniň has-da ilerlemeginiň bähbidine hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işlerine hoşallyklaryny bildirmek maksady bilen, şeýle hem “Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy” hakynda Resminama gol çekmegi mynasybetli Hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, “Watan mukaddesligi” muzeýiniň, “Gökdepe” milli muzeýiniň hünärmenleri, ylmy işgärleri, muzeý işi we ýadygärlikleri goramak hünäri boýunça bilim berýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibiniň we şertleriniň tassyklanylmagy muzeýleriň işgärlerini diýseň buysandyrdy. Şol bir wagtyň özünde, muzeý işgärlerini, Berkarar döwletimizide medeniýeti ösdürmäge, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmaga, ýaş nesli Garaşsyz Diýarymyza, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge borçlandyrýar.
Hormatly Prezidentimize muzeý ulgamynyň has-da kämilleşmegi ugrunda alyp barýan işleri üçin muzeý işgärleri öz hoşallyklaryny uly joşgyn bilen beýan edýärler.