Türkmen wekiliýeti «Özbegistanyň medeni mirasy - täze Galkynyş zamanasynyň esasy» atly VII Halkara kongresine gatnaşdy
Şu ýylyň 5-7-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäheriniň «Samarkand Ýüpek ýoly» syýahatçylyk merkezinde «Özbegistanyň medeni mirasy - täze Galkynyş zamanasynyň esasy» atly VII Halkara kongresi geçirildi.
Özbegistanyň medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak we ýaýratmak boýunça Bütindünýä jemgyýeti (WOSCU) tarapyndan gurnalan Halkara kongresine 40-dan gowrak ýurtlaryň wekilleri, gündogarşynaslar, sungatyöwrenijiler, taryhçylar, muzeý işgärleri we alymlar gatnaşýar.
Myhmanlar we gatnaşyjylar üçin halkara maslahatlar, dialoglar, tegelek stollar, gezelençler gurnaldy. Özbegistanyň medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak we ýaýratmak boýunça Bütindünýä jemgyýeti Özbegistanda dörän we häzirki wagtda dürli sebäplere görä dünýäniň iri kitaphanalarynda we muzeýlerinde, şeýle hem şahsy ýygyndylarda saklanýan sungata we medeniýete degişli gymmatlyklar barada maglumat ýygnamak maksady bilen döredildi.
Geçen döwürde ýüzlerçe alymyň, içerki we halkara bilermenleriň, hünärmenleriň goldawy bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda saklanýan özbek halkynyň özboluşly medeni mirasy barada 60 jiltden ybarat «Özbegistanyň medeni mirasy» atly köp neşirli kitap-albomy çap edildi. Kongresde bu neşiriň 10 sany täze jildi hödürlendi.
«Özbegistanyň medeni mirasy - Täze Galkynyş binýady» atly VII Halkara Kongresine Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçysy we hünärmeni hem gatnaşdy. Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew kongresde, şeýle hem tegelek stoluň başyndaky maslahatda «Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde horezm zergärçilik sungaty» atly doklad bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň gaznasynda XIX asyryň ahyryna we XX asyryň başlaryna degişli özbek şaý-sepleriniň toplamasy saklanylýar. Görnüşi we keşbi boýunça Merkezi Aziýanyň esasy senetçilik merkezleriniň biri bolan Horezmde ýasalandygy bellidir. Horezm şaý-sepleri daşky görnüş, ýasalyş usuly taýdan özbekleriň zergärçilik önümlerini umumylaşdyrýar, şeýle-de bolsa Döwlet muzeýinde saklanylýan horezm toplamasynda Özbegistanyň beýleki sebitleriniň zergärçilik önümlerinden tapawutlanýan aýratynlyklary bar. Bu ýygyndy 67 sany şaý-sepden ybaratdyr. Geljekde «Dünýä ýygyndylarynda Özbegistanyň medeni mirasy» atly köp neşirli kitap-albomynyň bir bölümi bu şaý-sepler ýygyndysyna bagyşlanar.
Horezm şaý-sepler toplamasy 1928-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistan Döwlet muzeýiniň gaznasyna kabul edildi. Bu gymmatlyklar öňki Hywa hanyň hazynasyndan degişlidir. Şol döwürdäki hökümetiň karary bilen olar Özbegistana, Gazagystana we Türkmenistana paýlanyp berilipdir. Horezm şaý-sepleriniň hemmesi kümüşden ýasalyp az mukdarda altyn ulanypdyrlar. Bezeg daşlaryndan esasan pöwrize we merjen ulanylypdyr, şeýle hem reňkli aýna, sadap seýregräk ýagdaýda hakyk, agat we malahit bilen bezelipdir. Toplama horezm zenanlarynyň şaý-sepleriniň ähli görnüşi diýen ýaly öz içine alýar.