Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keşdelere siňen nepislik» atly sergi we keşdeçi zenanlar bilen duşuşyk geçirildi
Keşde dünýäde iň giň ýaýran we has gadymy sungatyň biridir. Eli çeper
gelin-gyzlarymyz keşdäniň täsin nusgalaryny tapyp, reňkleri utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzüne sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen başarýarlar. Keşdäniň nepisligi we inçeligi, reňkleriň saýhally, rejeli utgaşdyrlyşy el işiniň çeperçilik gymmatyny kesgitleýär. Keşdeleri synlap, olaryň gelip çykyşy, döreýşi barada oýlananymyzda, ene-mamalarymyzyň ýiti zehinli hem-de çeper elli bolandygyny duýýarys. Çünki keşdelere zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, näzikligi, nepisligi, süýji arzuw-hyýallary, söýgüsi, wepasy, sarpasy we halallygy siňipdir. Şonuň üçin hem keşdeler jadylaýjy gözellige öwrülipdir.
Ýurdumyzyň milli mirasynyň şöhratlanýan döwründe keşdeçilik sungatyna bolan gyzyklanma giň gerim alýar. Keşdeçilik türkmeniň beýleki el senetleri bilen arabaglanyşygyny hem barha güýçlendirýär. Häzirki döwürde eli çeper zenanlarymyz olara täzeçe öwüşgin çaýyp, bu senediň has baýlaşmagyna itergi berýärler.
Ene-mamalarymyzyň el işleriniň islendik nusgasyny alanyňda-da, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti juda uludyr.
Milli mirasymyzyň ähmiýetini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keşdelere siňen nepislik» atly sergi we keşdeçi zenanlar bilen duşuşyk geçirildi. Serginiň esasyny gaznada aýawly saklanylýan gelin-gyzlarymyzyň keşde usulynda ýerine ýetiren «goçak», «para», «tegbent», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar bilen bezelen gyzyl, ýaşyl kürteleri, «barmak», «siňňirme», «çaňňa» ýaly ajaýyp nagyşly ýelek başatgyjy, çeperçilik taýdan iň kämil we owadan, ulanyş aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan, ýaz paslyny ýada salýan ýaşyl çyrpylar, orta ýaşly zenanlarymyza mahsus bolan sary çyrpylar, kümüş saçly enelerimizi bezän ak çyrpylar düzýär. Basma usulynda bejerilen «erikgül», «almagül», «tegbent» nagyşly çabytlar, gök, ýaşyl, begres donlar, köjeme usulynda baldyz çäkmenler sergimiziň milliligini baýlaşdyrdy. Gelin-gyzlarymyz çaga egin-eşikleri bolan kirlikleri, kürtekçeleri «daragt», «toýnuk», «okgözi» ýaly nagyşlar bilen bezäpdirler. Ýaşaýyş-durmuş esbaplary üçin ulanylan torbalar, örtgileriň dürli görnüşleri sergide görnükli orun eýeleýär.
Serginiň çäginde geçirilen keşdeçi zenanlar bilen duşuşykda Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktorynyň orunbasary Aýjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulbagt Owlakowa, Gökdepe milli muzeýiniň bölüm müdiri Tawus Amanmyradowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň kiçi ylmy işgäri Enejan Nazarowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň esasy kitaphanaçysy Dursun Myradowa, «Nesil» gazetiniň bölüm redaktory Leýli Gurbanowa çykyş etdiler.