Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi
2020-nji ýyla «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi uly bir many mazmuna eýedir. Türkmenistan öz Bitaraplygyna eýe bolmaklygy bilen ençeme taryha barabar bolan uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki we daşarky syýasatlarynda ajaýyp üstünliklere ýetildi. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk aragatnaşyklary barha rowaçlanyp, uly sepgitlere ýetildi, has dogrusy ýurdymyz bütin dünýäde uly abraýa eýe boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde göçme serginiň açylyş dabarasy boldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň «Gülsoltanyň portreti», Ýakup Annanurowyň «Serhetçiniň maşgalasy», Yzzat Gylyjowyň «Annageldi Jülgäýewiň portreti», Nyýazmyrat Dowodowyň «Esgerler bilen duşuşykdan soň», Öwezmuhammet Mämmetnurowyň «Dag etegi», belli suratkeşler Saparmämmet Meredowyň «Bedewler», Walentin Kudrýaşowyň «Parfiýa ýaýlasy», Kakageldi Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy», «Bu gün toý», Rejepberdi Muhammedowyň «Rowaýat» atly eserler toplumy öz beýanyny tapdy. Eserlerde türkmeniň taryhyny wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözellikleri milli öwüşginlere beslenýär. Şeýle hem serginiň dowamynda dürli döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren «Deňiz peýzažy», «Peýzaž» atly eserler toplumynyň birnäçesi sergilendi. Sowgatlyk işlerde dürli ýurtlaryň sungaty we gözel tebigatynyň şekilleri öz beýanyny tapýar.