Halkara zenanlar güni mynasybetli „Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy“ atly çagalaryň surat eserleriniň bäsleşigi
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ähli ulgamlarda örän uly işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara bilim bermek, sanly ulgamy ösdürmek barada giň şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda okatmagyň täzeçe usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Bu babatda medeniýet ulgamyna degişli çagalar çeperçilik mekdeplerinde, sungat mekdeplerinde ýaşlara ýokary derejede bilim berilýär. Muňa ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde olaryň ukyp başarnyklaryny görkezýän döredijiliginde hem aýdyň göz ýetirip bolýar. Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Tärkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli „Mähribanlygyň we gözelligiň baýramy“ atly çagalaryň surat eserleriniň bäsleşigi olaryň zehin-başarnyklarynyň ajaýyp ýüze çykmasy boldy.
Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň, Aşgabat şäher 7-nji çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Ilkinji gezek ellerine galam, çotga almagyň tärlerini öwrenen körpeleriň sungat äleminiň syrly dünýäsine höwes bilen aralaşyp, onuň her bir tilsimlerini ele almakda erjellik görkezýändikleri sergide ýerleşdirilen işlerde görmek bolýar. Mähriban enelere bagyşlanan bu bäsleşikdäki eserleriň her biriniň süňňünde enelere bolan mähir-söýgi, arzuw-hyýallar möwç urýar. Çaga durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezýän sungat eserleriniň grafika, heýkeltaraşlyk, külalçylyk, halyçylyk ýaly ugurlary boýunça döredilip, sergä gatnaşýan köp sanly eserleriň ählisinde eneleriň waspy reňklerdäki owaz bolup ýaňlanýar. Bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňiji bolan körpe suratkeşlere Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri mähir bilen gurşap, olar barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun.