Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň kepili» atly sergi gurnaldy


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň kepili» atly sergi gurnaldy



Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG-niň bu barada kabul eden iki sany Rezolýusiýasy esasynda berkidildi, şeýle hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Bu waka Тürkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan maksatlary kesgitledi. Agzybirlik, jebislik ýörelgeleri esasynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy Halkara Bitaraplyk güni bilen utgaşyp, milli mirasyň umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşygyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem köp işler alnyp barylýar. Bitaraplygymyzyň ХХVII ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň kepili» atly sergi gurnaldy.

Sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň portreti we Döwlet nyşanlary bilen baglanyşdyrylyp, ýurdumyzyň syýasatyna bagyşlanýar. Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, halkara derejede geçirilen forumlara, mejlislere degişli ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşlerini janlandyrýan fotosuratlar toplumy ýerleşdirilýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan ajaýyp zergärçilik eserleri, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlerimiz tarapyndan çekilen sungat eserleri, hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – parahatçylygyň kepili» atly sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.