Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynda
«Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!»
atly maslahatda gurnalan sergi
Her bir täze ýylyň gelmegi bilen, halkymyzyň ajaýyp, hoşniýetli, ýagty arzuwlary wysal bolýar. Häzir ýurdumyzda agzybir we jebis halkymyz asuda ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Ýurdumyz Täze ýyl baýramyna uly zähmet üstünlikleri bilen geldi. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly hereketini aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar.
Adamlaryň, şol sanda tutuş Türkmenistanyň hem durmuşynda Täze ýyl baýramy aýratyn sene hasaplanylýar. Çünki, bu sene bilen halkyň durmuşynda hem, ýurduň durmuşynda hem täze taryh başlanýar.
Durmuşa geçirilen ägirt uly işler we özgerişlikler türkmen döwletiniň buýsançly ösüş ýolunyň dabaralanmasydyr. Bu rowaçlyklaryň gözbaşy milli Liderimiziň
il-ýurt bähbitli beýik işleriniň oňyn netijesidir, halkymyzyň zähmetsöýerligidir, ruhubelentligidir, agzybirligidir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen gelen täze ýylyň beýik ösüşleriň we abadançylygyň ýyly boljakdygyna tutuş halk tüýs ýürekden ynanýar. Çünki, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler diňe halkyň bähbidi üçindir.
Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyň, sungatyň gülläp ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda geçirilýän işler öz ajaýyp miwelerini hem berýär.
Täze 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji gününde Jemgyýetçilik guramasynyň edara binasynda geçirilýän
«Beýik döwlet, eziz ülke, dogduk depe, asly mekan,
Ählijesi seniň özüň, jan Watanym Türkmenistan!»
atly maslahatynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň eserlerinden sergi gurnaldy.
Serginiň mazmuny Watanymyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt ähmiýetli, halk bähbitli alyp barýan işleriniň waspyny ýetirýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen.