«Arkadag şäheri - ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi geçirildi


«Arkadag şäheri - ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi geçirildi



Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylygynyň şäheri» atly sergi gurnaldy.

Sergide türkmen tebigatynyň gözelligine görk berýän, bagy-bossanlyklar, gül-gunçalar bilen bezelen Arkadag şäheriniň wideoşekil görkezildi. Şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar hem-de Türkmenistanyň baý ösümlik dünýäsiniň görnüşleri goýuldy. Tebigatymyzyň gözelligi ekologiýa arassaçylygyň synmaz sütünidir. Sahna pursatyny janlandyryp duran sergide tebigatyň gözelligini görkezýän sungat eserleri, gadymy küýzeler serginiň gözelligine aýratynlyk berýär.

Ekologiýa arassaçylygy biziň durmuşymyzyň sagdynlygynyň girewidir. Arkadag şäherinde hyzmat edýän elektrobuslaryň, elektrotaksileriň elektronika bilen hereket etmegi ekologiýamyzyň arassa bolmagynyň ýene bir şaýady bolup durýar. Owadan, arassa köçeleriň gözelligi dünýäni haýrana goýýan, mermer jaýlar bilen bezelen şäheriň ekologiýa arassalygy şähere gelýän her bir adamda täsin duýgyny döredýär.